ullakan

ullakan
[ullaka:n]
1) Kiçi däl, gabarasy, göwrümi uly bolan.
∙ Tyçenkonyň ýanynda ter gara sakgally, ullakan gara gözli, orta boýly, peşeneli, tutuş bir türkmen bardy. (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)
∙ Ullakan ýaglygyň dört burçy biri-birine zordan ýetýär. (A. Gowşudow, Mähri-Wepa)
2) Ägirt uly, ep-esli, köp.
∙ Onuň maşgala durmuşynda hem ullakan özgeriş bolupdyr. (N. Pomma, Taýlak hyzzyn)
3) Ähmiýetli, peýdaly.

Türkmen diliniň düşündirişli sözlügi. 2015.

Игры ⚽ Поможем сделать НИР

Поделиться ссылкой на выделенное

Прямая ссылка:
Нажмите правой клавишей мыши и выберите «Копировать ссылку»